SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygynyň ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy barha berkidilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary bilen, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, şol sanda her ýylda yzygiderli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda howa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleri bilen birlikde ilatymyzyň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän, pyýada gezelenç etmegiň, welosipedde ýa-da jemgyýetçilik ulagynda gatnamagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekýän beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berilmegi hem ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna halkara jemgyýetçilig tarapyndan goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda «Gök guşak» milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen tokaý zolaklary döredildi.

Alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň» esasy ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramak bilen bagly bolup, biziň ýurdumyzda ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär.

Şoňa laýyklykda Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny saklamak, arassa howa gurşawyny döretmek, tebigatyň baýlyklaryna aýawly garamak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzy üstünlikli durmuşa ornaşdyrmaga badalga berýär.

Gaýyp Agajumaýew, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

«Awaza»: dynç alyş möwsümine taýýarlyk

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty