JEMGYÝET

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy.

Foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanlarynyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns bermegine garaşylýar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar halkara we sebitara hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirýän ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu sammiti giň halk köpçüligine ýetirmek üçin Merkezi Aziýadan we Azerbaýjan Respublikasyndan 400-den gowrak metbugat wekilleri Duşanbe şäherine bardylar.

Metbugat wekilleri üçin täjik tarapyndan žurnalistler bilen zerur şertler döretdi. Munuň üçin Täjigistanyň milli kitaphanasy binasynda metbugat merkezi döredilip, internete birikdirilen 100 kompýuter metbugat wekilleriniň hyzmatyna berildi.

Sebitiň Liderleri hyzmatdaşlygyň bu meýdançasynyň çäginde 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda bolsa Gyrgyzystanda duşuşypdylar.

Täjik tarapy nobatdaky ýubileý duşuşygy guramaçylykly geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk gördi. Sammitleriň öňüsyrasynda sebit ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň bilermenleri derejesinde geňeşmeleriň 7-si geçirildi (5-si wideokonferensiýa, 2-si ýüzbe-ýüz görnüşde). Häzirki ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, käbir resminamalara hem gol çekerler.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener