DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly ýaşly zenany 117 ýaşady

Dünýäniň iň uly ýaşly zenany ispaniýaly Mariýa Branýas Morero 117 ýaşyny beleldi. Ol 1907-nji ýylyň 4-nji martynda Amerikanyň San-Fransisko şäherinde dünýä inipdi we 8 ýaşynda Ispaniýanyň Kataloniýa sebitine ýerleşipdi. 

bu ugurda öňdebaryjy zenan 23 ýyldan bäri garrylar öýünde ýaşaýar. Ol 2023-nji ýylyň ýanwarynda dünýäniň iň uly ýaşly zenany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Mundan ozalky rekordçy Fransiýadan Lýusil Randon 118 ýaşynda aradan çykypdy.

– Ol ähli gutlaglar we gyzyklanmalar üçin minnetdarlyk bildirdi. Köp sanly adamlar onuň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy. Ol özi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan güni maşgalalarynyň we dostlarynyň arasynda bellemek mümkinçiligine gaty hoşal boldy – diýip, garrylar öýüniň müdiri Ea Karrera Boýks belledi.

Mariýa Morera tassyklanan maglumatlara görä, taryhda uzak ýaşan adamlaryň arasynda 12-nji orunda durýar. Haçanda ol 118 ýaşanda bu sanawda 5-nji orna çykar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatyna görä, dünýäniň iň garry adamy hökmünde fransiýaly Žanna Kalman hasaba alyndy. Ol 122 ýyl 164 gün ýaşapdy.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler