SIZDEN GELENLER

Dünýäniň äpet kebelegi

Janly tebigatda kebelekleriň müňlerçe görnüşleri bar. Olar dürli reňklere baý bolup, san taýdan örän köp. Şeýle kebelekleriň biri hem Tawus gözli Atlas kebelegi (Attacus atlas). Kebelekler dünýäsinde äpetligi we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Kebelek teňňeganatlylar otrýadynyň tawus gözliler maşgalasyna degişli. Teňňeganatlylaryň iň uly wekili hasaplanýar.  Tawus gözli atlas kebelegini Indoneziýanyň Ýawa adasynda hasaba alyndy.  Mundan başga-da Hytaýda, Hindistanda, Wetnamda, Indoneziýada, Päkistanda, Malaziýada, Fllipinlerde we Täze Giwineýada  duş gelmek bolýar. Tawus gözli Atlas kebeleginiň  ganatlary 24 –  27 sm ululygynda. Käbir maglumatlarda ýerli ilatyň aýtmaklaryna görä ganatlary 40 sm  bolan kebelekleri görendiklerini belläp geçýärler.

Enelik jynsly  kebelekler göwrümi boýunça atalyk jynsyndan uly bolup, ganaty  inedördül şeklinde . Atalyk  kebelegiň ganatlarynyň öňki bölekleri uly yzky bölegi kiçi  üç burç şekillinde bolýar. Ganatlarynyň şekli boýunça kebelekleriň  jynsyny   kesgitläp bolýar.  Ganatlarynyň reňki açyk gyzyl, sary gülgüne reňklere baý.

Tawus gözli Atlas kebeleginiň ganatlarynyň önki böleginde ösüntgisi bolup, ýylanyň kellesini ýadyňa salýar. Şol sebäpli Gonkonglar kebelege “Ýylan kelleli” diýip atlandyrylýar. Kebelekler gijesine işjeň bolýarlar.

Enelik kebelekler az hereketli  şol bir ýerden uzaga gitmeýär. Emma atalyk kebelekler  hemişe hereketli we uçuşda bolýarlar. Hatda ýeliň güýçli öwüsýän ýerlerinde  hem  atalyk jynsly Tawus gözli kebelegine duş gelmek bolýar.

Köpeliş döwründe enelik osoblar güýçli feromonlary bölüp çykarýarlar. Feromonlaryň ysyny  diňe şu görnüşe degişli bolan atalyk osoblary duýmaga ukyply. Hatda  3 km uzaklykda bolsalar  hem  enelik osobyň gözlegine çykýarlar.  Ene kebelekler atalyk osoblara şol ýerde birnäçe sagatlap garaşmaga ukyply. Kebelekleriň ýene-de bir aýratynlygy ýakyn garyndaş kebelekler bilen jübütleşmeýärler.  Enelik osoblar ýapragyň arka ýüzüne ýumurtga goýandan soň ölýärler. Iki hepdeden soň  gurçuklar ýumurtgadan çykýarlar. Gurçuklar gök ýaprak bilen iýmitlenip,  belli bir wagtdan soň pile saraýarlar. Pilesiniň ululygy 11 sm  deň bolup, goňur reňkli  şahalardan asylan görnüşde ýerleşýär.

Tawus gözli atlas kebelegi  ýaşaýyş döwründe iýmitlenmeýär. Sebäbi agyz synasy atrofirlenen. Ylmy dilde aýdylanda ýaşaýşy afag bolup, ömrüniň dowamlylygy  iki hepde.  Gurçuk döwründe toplanan ätiýaçlyk ýaglaryň hasabyna kebelekler  iki hepde ýaşaýar.  Kebelek  haýal köpelýär. Şol sebäpli populýasiýasy az sanly. Emma häzir çenli hem gyzyl kitaba hasaba alynmandyr.

Tawus gözli atlas kebelegini ösdürip ýetişdirýän  Hindistanda ýörite ýüpekçilik  fermalary bar.  Bu kebelegiň ýüpegi tut ýüpek gurçugynyň ýüpliginden hili boýunça ýokary hasaplanýar.  Sebäbi  ýüpek has  berk   we  uzak wagtlap tozmaýar.

 

                                                     MAÝA HAJYÝEWA,

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

                                                    Agrohimiýa we topragy öwreniş

                                                  kafedrasynyň mugallymy

 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

                                                  

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika