DÜNÝÄ

Dubaýda Mars üçin şäherçe döredildi

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) Mars planetasyna uýgunlaşmak üçin ýörite şäheriň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Ol ýerde häzirki wagtda alymlar tarapyndan Marsdaky durmuşy döretmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ylmy işgärler ol ýerde ýaşarlar, şeýle hem kosmonawtlar türgenleşik geçerler.

2021-nji ýylda ähli işleri tamamlamagy maksat edinýär diýip “El Mundo” neşiri ýazýar. Bu şäherçe “MarsScienceCity” diýlip atlandyryldy we Dubaýyň golaýynda ýerleşer.

Şäheriň meýdany 176 müň inedördül metrden gowrak bolar. Ähli binalar ýer astynda we 3D printerlerde ýasalan gümmezleriň aşagynda ýerleşýär. Gurluşyk wagtynda esasy materiallardan biri gumdyr. Şeýlelik bilen, Mars topragynyň şertlerinde jaý gurmak tehnologiýasy işlenip düzülýär.

Related posts

Ýerli halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň deputatlarynyň saý­law­la­ry bel­le­nildi

Ata Watan Eserleri

Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara taslama durmuşa geçiriler

Türkmen wekiliýeti ÝB-niň işewür düzümleri bilen duşuşdy