JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýongy ýendi

Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) geçiriljek PFL ýaryşynyň esasy tutluşyklary 22-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen 05:00-da) başlady.

Bu ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklary üçin köp garaşylýan tutluşyk Döwletjan Ýagşymyradow bilen kamerunly Simon Biýongyň arasynda boldy.

Ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Ýagşymyradow bilen Biýongyň arasyndaky tutluşyk uly gyzyklanma döretdi.

Bu tutluşykda uly erjekllik görkezen ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow özüniň kamerunly garşydaşy Simon biýongy emin agzalarynyň biragyzdan çykan netijesi bilen ýeňmegi başardy.

Döwletjan Ýagşymyradow “PFL” ýaryşlarynyň çäklerinde ozal, sloweniýaly Ýakob Nedo 13-nji aprelde geçirilen tutluşykda ýeňipdi.

Döwletjan gazanan nobatdaky üstünligi bilen söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça 23-nji ýeňşini baýram etdi.

Ýene-de okaň

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy