JEMGYÝET

Dünýäde iň gymmat şypahana

Ýewropadadyr öýdüp pikir edýärsiňizmi? Asla, beýle däl. Ol biziň öz yklymymyzda ― Aziýada. Has takygy, Filippin adalarynda dünýäde iň gymmat şypahana açylyp, ulanmaga berildi. Bu barada «Daily Mail» neşiri habar berýär.

«Banwa Private Island» diýlip atlandyrylýan şypahana Palawan arhipelagyndaky adalaryň birini tutuşlygyna eýeleýär. Bu ýere barmaga ýekeje ýol bar, ol hem howa ýoludyr.

6 willadan ybarat bolan şypahanada bir gije-gündiz dynç almagyň bahasy 100 müň dollar. Willalaryň her biri umman bilen sepleşip gidýän howuzlar bilen üpjün edilipdir.

Dünýäniň iň gymmat şypahanasynda, elbetde, mümkinçilikleriň uly toplumy bar. Olaryň hatarynda suwasty gezelenç, ýoga bilen meşgullanmak, spa, restoranlar, suw motosikllerinde gezelenç, tennis, golf, deňiz nygmatlary ýaly mümkinçilikleri sanap bileris.

Related posts

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşkabat 2017 Oyunlarının açılış ve kapanış törenine hazırlıklar başladı

vepa