PEÝDALY MASLAHAT

Daşary ýurtda raýatlaryň konsullyk hasaba we bellige alynmagy

“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary olaryň konsullyk okrugynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny bellige alýar we hasabyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň çäginden daşda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda bellige alynmaga (konsullyk hasabyna durmaga) haklydyr. Türkmenistanyň raýatlaryny bellige almak muzdsuz amala aşyrylýar.

Bellige alynmagyň peýdalary..

Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi bu mümkinçilikden peýdalanmagy tutanýerli maslahat berýär. Hökmany suratda bolman, bu düzgün Türkmenistana gitmän köp meseleleri çözmäge (boljak saýlawlar we sala salşyklar barada maglumatlary bermek, pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk ýagdaýynyň ýazgysyny bellige almak we ş.m.) mümkinçilik berýär, şeýle hem özüniň bolýan döwletinde harby hereketleriň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan halatynda Watanyna gaýdyp gelmegini ýeňilleşdirer.

Türkmenistanyň Diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda konsullyk hasabyna goýmak üçin bellenilen görnüşdäki kartoçka doldurylýar. Bellige alnanda pasportda: “… Pylany (Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri) hasaba alyndy” diýen bellik edilýär, sene hem-de hasaba alan adamyň goly görkezilýär.

Çeşme : www.mfa.gov.tm

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri