Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary bilim ojaklarynda bilim alýan raýatlarymyzyň sany barha artýar. Her ýyl orta mekdebi tamamlan müňlerçe oglan -gyzymyz ýurdumyzyň bilim ojaklary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary bilim edaralarynda bilim almak üçin gyzyklanma bildirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň aprel aýynyň «19-na» çykaran 12972 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda Düzgünnama” laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary ministrlikleriň, pudak edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýollamasy boýunça, şeýle hem hususy tertipde daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bilim almagyň ähli görnüşleri (gündizki, gündizki-gaýybana (agşamky), gaýybana) boýunça okamaga gidip bilerler.
Her ýyl näçe talyp öz hasabyna daşary ýurtda bilim alyp biler?
Düzgünnamada bellenişine görä, daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine hususy tertipde okamaga gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany, okuw möhleti, töleg möçberi çäklendirilmeýär.
Talybyň hasaba alynmagy we bolýan ýurdunyň kanunçylygyna hormat
Bellemeli zat, Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okamaga gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, aljak hünär ugurlaryny anyklamak we olary iş ýerleri bilen üpjün etmegi meýilleşdirmek maksady bilen, olar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan (şol sanda Internet arkaly) hasaba alynýar.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okamaga baran Türkmenistanyň raýatlary okaýan okuw mekdeplerinde bellenen tertibe laýyklykda bilim alýarlar. Olar okuw mekdebiniň içerki tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmelidirler.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugyna laýyklykda Türkmenistanyň goragyndan peýdalanýarlar.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary özleriniň goraglylygynyň üpjün edilmegi üçin Türlmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk eadaralarynda hasaba durýarlar.
Türkmenistanyň raýatlarynyň okaýan daşary ýurt döwletlerinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şol daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we kosullyk edaralary bilen bilelikde raýatlarymyzyň goraglylygyny üpjün etmek maksady boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçiýär.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary bolýan ýurtlarynyň kanunçylygyna, milli gymmatlyklaryna hormat goýmaga, islendik bikanun iş bilen meşgullanmazlyga we şeýle işlere gatyşmazlyga, şeýle hem Türkmenistanyň abraýyna şek ýetirip biljek hereketleri etmezlige borçludyrlar.
Daşary ýurtda bilim alýan talyplar ýurdumyzda okuw-önümçilik tejribelerini geçip bilermi?
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda okuw we önümçilik tejribeliligini geçip bilerler.
Okuw tölegini kim töleýär?
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň okamagyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, döwlet jogapkärçilik çekmeýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy bilen bagly maliýe çykdajylary (okuw tölegi, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin we Türkmenistandan okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine çenli we gaýdyşyn ýol harajatlary) baglaşylan şertnamalaryň talabyna laýyklykda dolulygyna ýa-da çykdajylaryň kesgitli görnüşleri boýunça şularyň hasabyna tölenip bilner:
- Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okatmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine, beýleki ministrliklere, pudak edaralaryna hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Döwlet býujetinden berilýän serişdeleriniň, şeýle hem ministrlikleriň, pudak edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna;
- Daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri, halkara guramalary we gaznalary tarapyndan Türkmenistana berilýän talyp haklarynyň hasabyna;
- Döwlete dahylly bolmadyk kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem şahsy taraplaryň öz serişdeleriniň hasabyna.
Okuwa iberilýän talyp bilen baglaşylýan şertnamada onuň üçin töleniljek maliýe çykdajylarynyň görnüşleri jikme-jik kesgitlenmelidir.
Diplomy ykrar etmek
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň raýatyna beren bilim hakyndaky resminamalaryny Türkmenistanyň çäklerinde ykrar etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.