BIZNES

«Daewoo Engineering» kompaniýasy Türkmenabat şäherinde dökün öndürýän toplumy gurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek hem-de mineral dökünleriň täze görnüşini öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, düýn geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly maslahatda bu ugurda degişli ylalaşyklara gol çekildi.

Related posts

Gazagystan Ermenistana Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamagy teklip etdi

ADNOC-yň XRG kompaniýasy we Türkmenistan: Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Türkiýe Türkmenistanda 50 milliard dollarlyk potratçylyk işini amala aşyrdy