BIZNES

CNPC : Türkmenistana 8,3 milliard dollar maýa goýum

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Türkmenistana ABŞ-nyň 8,2 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy. Bu barada TDH teswirinde habar berilýär. 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijiniň ulanylmaga berlen wagtyndan bäri geçen döwürde her ýyl HHR-e, ilkinji nobatda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ýokary hilli türkmen tebigy gazynyň ençeme milliard kub metri eksport edilýär.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki ýataklar bu gaz geçirijisiniň ýene-de bir möhüm çig-mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu çäkde gözleg işlerini alyp barmak we ony işläp geçmek boýunça çäreleri önümi paýlaşmak ylalaşygynyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň başyna çenli CNPC bu taslama ABŞ-nyň 8,2 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.

Related posts

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Tokaýew: Gazagystan ýyllyk nebit önümçiligini 100 million tonna ýetirmegi maksat edinýär

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler