BIZNES

“Chanel” markasy taryhy

Gabrielle Bonheur Chanel  ýagny Coco Chanel 1883-nji ýylda Fransiýanyň Saumur şäherinde dünýä inýär. Ejesi Gabriella 6 ýaşyndaka aradan çykýar. Ejesiniň ölüminden soňra kakasy-da çagalaryny taşlap gidýär. Chanel ýetimleri öýünde terbiýelenýär. Ol ýerde tikin tikmegi öwrenýär, deň-duşlary üçin tiken şapkasy halanylýar.

Ol birnäçe tikinçilere kömekçi bolup işleýär. 1908-nji ýylda Parižde ilkinji taýýarlan şapkasyny satýar. Ol şol ýerde Arthur Capel bilen tanyşýar. Arthur Capel Chanele dükan açmaga ýardam edýär.

Birinji jahan urşy döwründe halkyň maddy ýagdaýy hasam peselýär.  Bu döwürde hem Chanel zenanlaryň höwesini galdyrmak üçin dürli biçüwdäki eşikler taýýarlapdyr.

1921-nji ýylda Chanel atyr döredip başlaýar, meşhur Chanel atyrlary hem şol döwürlerde öndürilýär. 1924-nji ýylda gulakhalka, 1930-njy ýylda gije geýmek üçin niýetlenen egin-eşigi, 1955-nji ýylda ýantorba, penjek öndürip başlaýar.  Chanel 1971-nji ýylda aradan çykýar.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler