SPORT

Çempionlar Ligasynyň finaly 29-njy awgustda geçirilip bilner

UEFA guramasy Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň 29-njy awgustda geçirmegi hödürledi. Bu barada “The Telegraph” metbugaty habar berýär. Ozal Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny 30-njy maýda Türkiýanyñ Stambul şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi. Dünýädäki çylşyrymlay ýagdaýlar sebäpli, final duşuşygy yza süýşürildi.

Çempionlar ligasynyň galan duşuşyklaryny we final oýnuny geçirmek babatda gepleşikler dowam edýär. Käbir çeşmelerdäki habarlara laýyklykda, ýaryşyñ 1/4 ýarym finalyny 28-29-njy iýulda we beýleki duşuşyklary awgust aýynda geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Ýewropa Ligasynyň finalyny 26-njy awgustda geçirilmek meýilleşdirilýär. Duşuşyk Polşanyň “Energa-Gdansk” stadionynda geçiriler.

Related posts

Ýewro-2020: Angliýa bilen Horwatiýa indiki tapgyrda

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

Angliýada ýylyň futbolçysy belli boldy