SPORT

“Çempionlar ligasy”: “Mançester Siti” finala golaýlady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ikinji oýnunda Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen Angliýanyň “Mançester Siti” toparlary duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda “Mançester Siti” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde garşydaş toparyň meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” topary finala bir ädim golaýlady.

Mundna öňki duşuşykda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny ýeňmegi başaran “PSŽ” topary bu gezek büdredi. Duşuşygyň 15-nji minutynda Markinosyň goly bilen öňe geçen parižlilir duşuşygyň ikinji ýarymynda derwezesine 2 gol geçirtdi.

“Mançester Siti” toparynyň düzüminde 64-nji minutda Kewin de Bruýne hem-de 71-nji minutda Riýad Marez tapawutlandy.

Jogap duşuşygy 4-nji maýda “Mançester Siti” toparynyň meýdançasynda geçiriler.

Türkmen bazaryna daşary ýurt maýadarlary çekilýär

 

Related posts

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginden orun aldy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: “Bawariýa” ýeňdi, “Atletiko” utuldy