SPORT

“Çelsi” 6 oýunçysyny satmakçy

“The Sun” gazetiniň habaryna görä,  “Çelsi” tomusky transfer penjiresinde futbolçylaryň satuwyny gurar. Bu tomus “Çelsi” birbada alty oýunçysyny satmaga taýyn. Tiemua Bakaýoko, Mişa Batşuaýi, Wiktor Mozes, Daniel Drinkwater, Deýwid Zappakosta we Emerson ýaly oýunçylary ugratmagy meýilleşdirýär. Iňlis kluby gelen girdeji bilen hüjümçi Timo Werneri, ýarymgoragçy Kaý Hawetsine we goragçy Ben Çilweli transfer etmek isleýär.

Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 29 tapgyryndan soň “Çelsi” sanawda dördünji orunda barýar. Möwsümiň täzeden 17-nji iýunda başlamagyna garaşylýar.

Related posts

FIFA Türkmenistanda futboly ösdürmek başlangyçlary goldaýar

Ata Watan Eserleri

Kriptopuluny döretjek ilkinji futbolçy bolar

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” toparynyň ynamly ýeňişleri