JEMGYÝETMEDENIÝET

Burak Özçiwit Türkmenistana gelýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ilkinji «Arkadagyň säheri» atly film festiwaly geçiriler.

Bu möhüm kinofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkiýeden, Fransiýadan we beýleki döwletlerden kinorežissýorlar, aktýorlar hem-de sungat ussatlarynyň gelmegine garaşylýar.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän bu kinofestiwala Türkiýeden meşhur aktýor Burak Özçiwitiň hem gelmegine garaşylýar.

Bilşiňiz ýaly, Burak Özçiwit Türkiýäniň meşhur sungat ussatlarynyň biridir. Onuň surata düşýän we häzirki wagtda Türkiýäniň “ATW” teleýaýlymynda görkezilýän “Kuruluş Osman” teleserialynyň baş gahrymanydyr. Şeýle hem ol başga-da birnäçe kinofilmlerde hem-de seriallarda surata düşdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzdaky döredijilik forumyna gatnaşjak myhmanlaryň biri hem meşhur türk kinorežssýory Mehmet Bozdagdyr. Mehmet Bozdag soňky ýyllarda Türkiýede surata düşren köp sanly taryhy seriallary bilen hem adygan sungat ussatlarynyň biridir.

Mehmet Bozdagyň “Diriliş Ertugrul, “Kuruluş Osman”, “Bozkyr Arslany Jelaleddin” ýaly teleseriallary köp sanly kinomuşdaklaryň söýgüsini gazandy.

Şeýle hem Arkadag şäherinde geçiriljek kinofestiwala Fransiýadan hem meşhur sungat ussatlary gatnaşýar. Olaryň hatarynda meşhur “Taksi” filminde hem surata düşen Eduard Montoute hem bar.

Bulardan başga-da, Žan-Mari Laronz ýaly sungat ussatlarynyň gelmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri