SIZDEN GELENLER

BMG – Türkmenistan: dostlukly gatnaşyklar

Bilşimiz ýaly, döwletleriň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara hukugynyň çeşmeleriniň umumy görnüşine degişli bolup durýan halkara şertnamalar bilen bir hatarda, şol döwletiň milli hukuk namalarynda hem hökmany ýagdaýda berkidilýär. Her bir döwlet halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny berjaý etmek bilen, özüniň daşary syýasatyny alyp barmakda we amala aşyrmakda özbaşdaklyk hukugyna eýe bolup durýandyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini berkarar etdirmek üçin uly taryhy ýol geçdi. Ýurdumyz bu ugurda döwlet syýasatyny amal etmek bilen, içeri we daşary syýasatynda birnäçe oňyn başlangyçlary başdan geçirdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanmak ugrundaky tagallasyny döwlet Garaşsyzlygyny gazanandan soňra durmuşa geçirmäge mümkinçilik gazandy. Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary bilen aragatnaşygy ýola goýýar. Olaryň has esasylary hem BMG bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklardyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlykly, ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde gurama agza döwletleriň 185-niň biragyzdan goldamagy netijesinde “ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda 50/80A sanly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegidir. Bu möhüm tapgyr, parahasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi hökmünde dabaralandy. Şol bir wagtda-da Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara bileleşiginiň halkyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesi hökmünde bitaraplygy ýazmaça berkitmek meýlini  goldanylmagynyň özboluşly täze bir nusgasy boldy.

Döwletiň Bitaraplyk derejesiniň halkara bileleşiginiň iň ýokary wekilçilikli we abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi we tassyklanylmagy häzirki zaman taryhynda ýeke-täk ýagdaý bolup durýar.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň hem-de tutýan ornunyň ýokarydygyna türkmen bitaraplygynyň dünýäde ikinji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär.  2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “ Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň biragyzdan gaýtadan kabul edilmegi  netijesinde türkmen Bitaraplygynyň häsiýetli aýratynlygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilmäge başlandy.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçirilen Birleşen Milleler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry “ Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýany biragyzdan kabul edildi. Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy saklamakda bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ornunyň ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatymyzyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Nesip bolsa, sanlyja günlerden bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplyk toýunyň şanly 25 ýyllygyny dabaraly belläp geçer. 25 ýyl bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän Türkmenistan bu gün bir maksada, ýagny agzybirlik maksadyna gulluk edýär.

 Döwletnazarowa Hatyja

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatmaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty