JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretarynyň maslahatçysy bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bilen bagly bilelikdäki işleri alyp barmak boýunça meselelere seredildi.

Howply kesellere garşy göreşmek, şol sanda Adatdan daşary toparyň keselleriň ýaýramagyna garşy hereketleri, ýurdumyzyň Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem BSG-niň Baş direktorynyň belläp geçen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasyna (C-TAP) goşulmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ädimler barada beýan edildi.

Şeýle-de pandemiýa garşy göreşmek boýunça çäreleri üpjün etmegiň maddy-tehniki ulgamyny goldamak we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň adam saglygyny goramaga gönükdirilen halkara tagalalary hemmetaraplaýyn goldaýandygy babatynda bellenildi.

Taraplar, mundan başga-da, Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasynda durmuşa geçirilýän taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi