DÜNÝÄ

BMG-den Angela Merkele iş teklibi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkele iş teklip etdi. Ol Angela Merkeliň adyna iberen hatynda global jemgyýetçilik harytlary boýunça ýokary derejeli maslahat beriji gurama ýolbaşçylyk wezipesini hödürledi.

BMG-niň metbugat çeşmeleriniň habaryna görä, Guterriş hatynda Merkele öz teklibini edipdir. Ýöne Merkeliň haty alyp-almandygy entek belli däl. Merkeliň bu işi kabul etjekdigi barada hem belli zat ýok.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda Angela Merkel resmi taýdan Germaniýanyň kanslerlik wezipesini tabşyrdy. Ýurduň täze kansleri wezipesini Olaf Şolz kabul edip aldy.

Angela Merkel kansler wezipesinde 16 ýyl işledi.

 

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy aradan çykdy

Related posts

Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow Aşgabada gelýär

Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi