BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri himiki serişdeleri satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Ýer zemin berekedi” hususy kärhanasynda öndürilen posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar.

Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

 

“Ýylyň parlak ýyldyzy” kim boldy?

Related posts

Himiýa pudagyna 8 mlrd dollar maýa goýuldy

Döwlet energetika instituty üçin goşmaça okuw binalary gurlar

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler