JEMGYÝET

Bir topar bilen 20 kubok

Türkiýäniň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda «Galatasaraýyň» başynda «Akhisarspory» 1:0 hasabynda ýeňen tejribeli tälimçi Fatih Terim Stambulyň toparynda 20-nji kubogyny gazandy. Şeýlelikde, ol Türkiýede bir toparyň başynda iň köp kubok gazanan tälimçidir.

Duşuşygyň ykbaly Ýunnes Belhandanyň geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen çözüldi. Tejribeli tälimçi bolsa bu ýeňiş bilen «Galatarasaýyň» başynda 3-nji Naýbaşy kubogyny gazandy.

Fatih Terimiň sary-gyzyllar bilen gazanan kuboklarynyň 8-si ýurduň çempionlygy, 3-si Türkiýäniň kubogy, biri UEFA-nyň kubogy, 3-si Naýbaşy kubok, 2-si Prezident kubogy, galan 3-si bolsa Türkiýäniň sport Žurnalistrleri federasiýasynyň kubogydyr.  Häzirki wagtda ol bütin dünýädede bir toparyň başynda iň köp kubok gazanan tälimçileriň hatarynda. Tejribeli tälimçi «Galatasaraýda» işlemegini dowam eder. Topar bu möwsümde içki ýaryşlardan başga-da, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda hem göreş alyp barar.

Related posts

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri

Täze ýolbaşçylar wezipä bellendi