JEMGYÝET

Bir kökden suw içýän daragtlar

Siwas. Penşenbe agşamy. Iýulyň 11-nji güni tamamlanyp barýan hem bolsa, asmandan güýçli çagba guýup dur. «Büýük» myhmanhanasynyň dördünji gatynyň penjiresinden zemini guçmaga howlugýan damjalary synlaýan. Sähel salymyň içinde «Istasýon» köçesini, asyl-ha ene tebigaty tutuşlygyna ýuwan ýagyş Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň päkize jemlemesine öwrüldi. Ýöne Medeniýet günleri dowam edýär…

***

Ençeme ýyldan soň köne tanyşlaryň duşuşygy nähili ýakymly bolýar? Bu duşuşyga kesesinden synlap hem didäňe ýaş aýlamazlyk mümkin däl. Eger şeýle bolsa, şol bir medeniýetleriň telim asyrdan soňra biri-biri bilen duşuşygynyň täsirini ölçerip görüň. Medeniýet günleriniň badalgasyna öwrülen we Siwsdaky Şemsi-Siwasi kitaphanasynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň we fotosuratlaryň sergisi kökdeş medeniýetleriň duşuşygyna öwrüldi. Şeýle bolansoň, iki günläp dowam eden serginiň mähellesi birjikde egsilmedi.

Rahman Rahmanow, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy:

Sergide beýleki gymmatlyklar bilen bir hatarda çeperçilik sungatyna degişli eserler hem ýaýbaňlandyryldy. Olaryň arasynda talyplarymyzyň işleri hem, meniň öz işlerimiz hem bar. Eserleriň her birinde ýerli ýaşaýjylaryň öz ruhy köklerini görendigini aýtmak has ýakymly. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslary bolsa surat eserinde-de hemmeleri haýran galdyryp bilýär. Muňa biz ýene bir ýola şaýat bolduk.

***

Şol gün ― Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ilkinji gününde türkmen we türk halklarynyň iki beýikligi duşuşdy. Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginde uly orny eýelän, häzir bolsa muzeýe öwrülen Siwas Kongresler merkezinde türkmen halkynyň dünýä çykaran gymmatlygy ― ahalteke bedewleri barada gürrüň berýän film görkezildi. «At ― myrat» atly film bir sagat çemesi dowam etdi, ýöne şol bir sagady zala ýygnanan tomaşaçylar Siwasda däl-de, türkmen bedewleriniň täsin dünýäsinde geçirdiler.

Esra Çagyran, siwasly mugallym, taryhy öwreniji:

― Türkmen bedewleri barada her bir maglumat meniň üçin gymmatly hazyna. Bu film bolsa maňa «behişdi» bedewler barada bilmeýänlerimiň bilýänlerimden has köpdügini görkezdi. Diňe şu filme tomaşa edip, gymmatly maglumatlaryň ençemesini aldym diýsem ýalňyşmaryn. Filmi ýazdyryp alyp, oňa ýene birnäçe ýola tomaşa etmek we ahalteke bedewleri barada has içgin öwrenmek isleýärin.

***

«Leýlisaç hakynda rowaýat», «Sona gelin», «Aýnanyň aýdymy», «Meleguş», milli toý däpleri, türk aýdymlaryndan «Türkmen gelini», «Bu ýollar» we beýlekiler. Bularyň ählisi Siwasyň ýaşaýjylary tarapynda gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy. Olary Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde türkmenistanly sungat ussatlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň tomaşaçylara galdyran täsiri dogrusyndaky gürrüňi aýdymçylaryň özüne goýalyň.

Guwanç Ýazmämmedow, aýdymçy:

― Türkmen halk aýdymlarynyň birinden soňra «Türkmen gelini» atly türk aýdymyny ýerine ýetirdim. Aýdymyň sazy ýaňlanyp başlanandan örboýuna galan şowhun tä aýdym tamamlanýança ýatmady. Aýdymy bir özüm ýerine ýetirmedim. Ony zala ýygnananlaryň ählisi bilen bile aýtdyk. Soňundan ýaňlanan elçarpyşmalary bolsa aýdymyň ýerine ýetirilişine berlen baha däl-de, şeýle ajaýyp eserlere gönezlik bolup bilýän türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine ýene bir ýola belent hormat diýip düşünýärin.

***

 

Medeniýet günleriniň ikinji gününde Siwasda iki Gün dogdy. Olaryň biri Gündogardaky gözýetimden, beýlekisi Şemsi-Siwasi kitaphanasyndan. Hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň tanyşdyryş dabarasy, megerem, Siwasdaky dabaralaryň iň naýbaşysy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide kitap we neşir önümleriniň 160-dan gowragy bar. Olaryň 30-dan gowragy blsa milli Liderimiziň galamyna degişli dürdänelerdir.

Betül Koçtürk, Kyrkeli uniwersitetiniň talyby:

― Kitaplaryň ählisi ajaýyp. Hemişe bolşy ýaly, kitap sergisiniň ýaýbaňlandyrylan ýerinden gaýdasyň gelenok. Ýöne meniň üçin bu serginiň iň gymmatly eserleri Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýoly, türkmen bedewleri, halylary we dermanlyk ösümlikleri barada ýazan eserleridir. Olaryň aglabasy türk diline-de terjime edilipdir. Ynanyň, häzir beýle baý maglumatlaryň jemlenen eserlerini tapaýmak aňsat däl. Şonuň üçin her bir türkmenistanly öz Prezidentine guwanmaga haklydyr.

***

Bu dabaralaryň çäginde medeniýetler duşuşdy diýdik. Şol medeniýetleriň wekilleriniň duşuşygy hem täsirli boldy. «Seljuklar döwründe medeni galkynyş» atly ylmy maslahat Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Siwasdaky bölüminiň tüýs ýerine düşen jemlemesine öwrüldi. Oňa türkmen we türk alymlary, edebiýatçylary gatnaşdy.

Dogan Kaýa, şahyr:

― Türkmen we türk halklarynyň milli mirasynyň arasynda şeýle bir meňzeşlikler bar welin, men olar barada uzakly gün hem gürrüň edip bilerin. Ýöne bizi begendirýän zat başga: bu gün türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen didarlaşdyk. Bir dilde gürleşýäris, bir dilde maslahatlaşýarys. Şundan ýakyn meňzeşlik barmy? Türkmenistanly şahyr Akmyrat Hojanyýazow bilen birek-birege kitap sowgat berişdik. Şahyrlar üçin şundan uly dostluk, şundan uly sowgat barmy? Men Siwas hem-de Aşgabat şäherleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň tarapdary. Bu tutum geljek nesillerimiz üçin juda ähmiýetli bolardy.

***

Siwasda ýagyş ýagýar. Biz bolsa meşhur Balykly Kaplyjadan gezelençden geldik. Mylaýym suwda ýüzüşup ýören «lukman» balyklara eliňi-aýagyňy owkalatmak, hakykatdan-da, uly melhem eken. Ýerli dostlarymyzyň aýtmagyna görä, olar ynsan bedenindäki käbir ýaralary aýyrýar. Ýöne balyklar uzakly günüň argynlygyny hem el bilen aýran ýaly edäýdi. Şeýle bolansoň, wagt ýarygijä gol beren hem bolsa ýüregimize dolanlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Siwasda ýagyş ýagýar. Siwas türkmen myhmanlaryny nur-ýakym bilen ugradýar…

Agageldi ITALMAZOW.

Siwas şäheri.

11.07.2019 ý.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri