BIZNES

«Bir guşak, bir ýol» forumy: 97.2 milliardlyk şertnamalar baglaşyldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirilýär. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Bu iri halkara forumyň çäklerinde geçirilen işewürler maslahatynda umumy bahasy 97.2 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belläp geçdi.

– Bu forumyň çäklerinde baş direktorlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda 97.2 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnamalara gol çekildi – diýip, Si Szinpin belledi.

Onuň bellemegine görä, Hytaý mundan beýläk-de “ýaşyl” infrastruktura, “ýaşyl” energetika we “ýaşyl” ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

Giň gerimli bu forumy geçirmek üçin Hytaýyň Halk ýygnaklar öýi saýlanyp alyndy. dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekiller «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekine ýygnandylar. 

Şu gezekki wekilçilikli çäre «Bir guşak, bir ýoluň» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyk: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» mowzugy astynda guralýar.

Bu başlangyjyň çägindäki ýokary derejeli forumyň çagyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi