SIZDEN GELENLER

Bilim — arassa çeşme

Eziz Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy bilen ýaş nesiller özleriniň döredijilik we aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Türkmen ýaşlary ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, güneşli Diýarymyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrylýandygyny, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz ylym-bilimi has-da ösdürmek, häzirki döwrüň ýaş nesillerine öwretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da kuwwatlandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda «Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020—2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilen özgertmeleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da mu­gal­lym­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de da­şa­ry ýurt­la­ryň ösen tej­ri­be­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Şu mak­sat bi­len mu­gal­lym­lar, bi­lim iş­gär­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ryň ylym-bi­lim mer­kez­le­rin­de bo­lup, bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler bol­sa bi­lim iş­gär­le­ri­ne bu ugur­da tä­ze tej­ri­be­ler bi­len ta­nyş­ma­ga hem-de öz­le­ri­niň hü­nä­ri­ni kämilleşdirmäge giň şert­le­ri dö­red­ýär. Mu­gal­lym­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly çä­re­ler bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­da gu­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Sähragül Begliýewa, Gökdepe etrabynyň

3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

 

Gelin-gyzlaryñ bukjalarynyñ ähmiýeti

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk