IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: täze döwrebap obany gurmak boýunça

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda gurulmaly binalaryň, desgalaryň hem-de inžener ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça BÄSLEŞIK  yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçildi.

Obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik  geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollarynyň, agyz suwuny süýjediji desgasynyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, şeýle hem obada 1 sany 260 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, Saglyk merkeziniň, Geňeşligiň, Polisiýanyň we ýangyna  garşy  göreş gullugynyň edara binalarynyň, 200 orunlyk medeniýet öýüniň, seýilgähiň, 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek.

Salgysy: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji kwartalynyň 14-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 2-01-04, 2-01-15.

Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň düzümine agza bolar

 

Related posts

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik

Oba hojalygy üçin enjamlary satyn almak bäsleşigi

«ПЕТРОНАС Чаригали»: новый вакансия