IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas”: lukman iş ornuny hödürleýär

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri aşakda görkezilen iş orny boýunça işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin lukman.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

1. Bilimi: ýokary bilimli.

2. Iş tejribesi: intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 ýyldan 7 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.

3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

4. Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasy boýunça işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Bäsleşik:«EKSPO-2025» üçin Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Basleşik: gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak

Leave a Comment