IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

 

Kazan-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Related posts

Bäsleşik:Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýanyň taslamasyny düzmek,gurmak hem-de enjamlaşdyrmak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan İnşaat ve Mimarlık Bakanlığı uluslararası ihale

Maliýe hasabatlylygy boýunça bäsleşik