SPORT

“Barselona” topary tälimçisini çalyşmagy mümkin

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan “Barselona” toparynda ýagdaý öwerlikli däl. Ýyldyz oýunçy Lionel Messiniň klubdan gitmeginden soň ýagdaý hasam çylşyrymlaşýar. Soňky 4 duşuşygynda 1 gezek ýeňiş gazanan katalonlaryň tälimçisi Ronald Kuman bilen toparyň başlygy Žoan Laportanyň arasyna düşünişmezlik emele geldi.

Žurnalist Gerard Romeronyň habar bermegine görä, Laporta tälimçi Kumany ugradyp, onuň deregine Andrea Pirlony tälimçilige bellemek isleýär. Pirlo bolmaýan ýagdaýynda-da Antonio Konte, klubuň ozalky oýunçylaryndan Filip Koku, Hawi ýaly ýaş tälimçileriň atlary agzalýar. Ýeri gelende aýtsak, Laporta ýolbaşçylyk eden döwründe ýeke gezek hem tälimçini şertnamasyndan öň wezipesinden boşatmandy.

Toparyň çempionatdaky soňky duşuşygynda “Granada” bilen öz meýdançasynda soňky minutda ýeňlişden halas bolup, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. 8 utuk bilen 1 oýny kem 7-nji ýerde bolan “Barselona” çempionatyň öňdebaryjysyndan 5 utuk yzda barýar.

Çempionlar ligasynda-da öz meýdançasynda “Bawariýadan” 3-0 asgyn gelip, 24 ýyldan soň ilkinji gezek bu ýaryşa ýeňliş bilen başlapdy. “Barselona” 6-njy tapgyrda hepdäniň penşenbe güni (23-nji sentýabrda) myhmançylykda “Kadiz” bilen duşuşar.

 

Angela Merkeliň hormatyna oýunjak aýylar ýasaldy

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy