SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Balkanabat Halkara howa menzili daşary ýurtly uçarlara tehniki gonuş mümkinçiligi döreder

«MaxFlight» «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky agenti bolup durýar. Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili dürli uçarlara, esasan-da, «Wolga-Dnepr», «Awiatrans», «Awiastar-TU» ýaly rus awiakompaniýalarynyň ýük uçarlaryna tehniki gonuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada «MaxFlight» kompaniýasynyň ýük daşamalar boýunça direktory Wladislaw Wolžanin “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belläp geçdi.

Ol bu barada hususan-da şeýle diýdi:

– Türkmenistanyň geografik taýdan örän amatly ýerleşmegi Aziýadan, Afrikadan, Hindistandan uçuşlary kabul etmäge oňyn şertleri döredýär. Aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binalaryny-da öz içine alýan täze howa menzili bolsa hut tehniki gonuşlary ýerine ýetirmek üçin bähbitli bolup durýar. Umuman, bu döwrebap desga bilen baglylykda, biziň kompaniýamyzyň esasy maksady şundan ybarat.

Related posts

Ýewro-2020: 28-nji iýundaky duşuşyklar

Aşgabat-Stambul gatnawlary üçin biletleri satyn almak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemek

vepa