BILIM

Balkan welaýatynda täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Merkeziň açylyş dabarasy ajaýyp baýramyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Bu sene köp döwletlerde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji iýunynda dabaraly bellenilýär.

Toplum çagalar dynç alşynyň guralmagy babatda häzirki zaman talaplaryna we gurluşyk ülňülerine laýyklykda gurlupdyr. Dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin hem amatly şertler döredilipdir.

Bu ýerde ulular, eýýäm kiçi ýaşdan başlap işjeň dynç almak, sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirýän çagalar öz boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip bilerler.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýänler üçin baglaryň saýasynda amatly oturgyçlar hem goýlupdyr.

Related posts

Gutardyş synaglaryň Soragnamalary :Türkmenistanyň Taryhy dersi

Ata Watan Eserleri

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti