BILIM

Açyk gapylar: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi şu ýylyň 26-njy aprelinde we 19-njy maýynda sagat 14.00-da 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Mugallymlar gazeti” gazetinde bildiriş çap edildi.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlara hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.

Telefon belgileri: 90-62-04; 90-63-96.

 

23-nji aprel Bütindünýä kitap güni

 

 

Ýene-de okaň

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Dalaşgär-2026: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Halkara senagatçylar we telekeçiler uiwersiteti

Dalaşgär-2026: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy