SPORT

BAE-li welosipedçiler Aşgabatda türgenleşik geçýärler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Abu-Dabiniň welosiped klubynyň welosipedçiler topary türkmen türgenleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik işlerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Olaryň ilkinji türgenleşikleri Olimpiýa şäherçesinde, Köpetdagyň eteklerinde we Gökdere jülgesinde geçýär. Welosipedçiler türgenleşiginiň ilkinji gününde Köpetdagyň eteklerine türgenleşip, bu ýeriň owadanlygyna hem-de hoştap howasyna bendi boldular. Umuman, welosipedçiler 107 kilometr geçdiler.

Mundan ozal, daşart ýurtly türgenler bir günüň dowamynda 60 ýa-da 70 kilometr menzil geçipdirler. 110 kilometre golaý menzili ilkinji gezek geçýändiklerine özleri hem haýran galdylar. Bu hem Türkmenistanyň dag etekleriniň howasynyň ajaýyplygy bilen baglydygy düşündirilýär.

BAE-li welosiepdçileriň Aşgabatda okuw-türgenleşige gatnaşmagy diňe bir sport däl, eýsem täze dostlukly gatnaşyklary emele getirmek we iki doganlyk ýurduň türgenleriniň arasynda täze mümkinçilikleri döretmek babatda hem möhüm bolup durýar.

Welosipedçileriň okuw-türgenleşigi 25-nji awgusta çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy