BIZNES

BAE bilen Hytaýyň arasynda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) ADNOC gas kompaniýasy bilen Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “PetroChina” kompaniýasynyň arasynda suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) üpjünçilik şertnamasynyň baglaşylandygy habar berildi.

“ADNOC” kompaniýasy tarapyndan berlen beýanata görä, BAE bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde baglaşylan LNG şertnamasynyň maliýe bahasynyň 450 million dollar bilen 550 million dollar aralygyndadygy mälim edildi.

BAE-niň kompaniýasynyň baş direktory Ahmed al-Abri “Hytaý LNG bazarynda möhüm orny eýeleýär. Bu şertnama Günorta-Gündogar Aziýadaky ornumyzy güýçlendirer” -diýip belledi.

“ADNOC” kompaniýasy iýul aýynda Hindistanyň ” Indian Oil Corporation Limited” nebit korporasiýasy we awgust aýynda Ýaponiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Japan Petroleum Exploration” (JAPEX) kompaniýasy bilen LNG üpjünçiligi barada şertnama baglaşdy.

Related posts

Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretarynyň duşuşygy

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri suwuklandyrylan gazy satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Asya Kalkınma Bankası’ndan Türkmenistan’a yeni yatırımlar

vepa