BIZNES

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Azerbaýjan Respublikasy 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi. Bu barada ýurduň energetika ministri Parwiz Şahbazow “X” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– Hasabat döwründe Ýewropa ugruna 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1.9 milliard kubmetr azerbaýjan gazy iberildi. Bu hem umumy eksportuň 50 göterimine deňdir. Türkiýe Respublikasyna 1.4 milliard kubmetr tebigy gaz iberilen bolsa, TANAP gaz geçirijisi arkaly 0.9 milliard kubmetr tebigy gaz akdyryldy – diýip, ministr belledi.

Ministriň bellemegine görä, Gruziýa şol hasabat döwründe 0.5 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi.

Related posts

Rus nebit kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge taýýar

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolar

Ata Watan Eserleri

İhaleler: Türkmengaz Devlet Kurumu’ndan “Management” ihale

vepa