BIZNES

«Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy açyldy

Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy  açyldy. Täze desga Arkadag we Berkarar şaýollaryň çatrygynda “Jadyly kenar” oýun attraksionlar seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi. Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy. Binanyň umumy beýikligi 23 metr, özboluşly suw çüwdürimleri bilen gurşalan binýadynyň diametri bolsa 33 metrdir. Dabara Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem-de köp sanly dynç alýanlar gatnaşdylar. Awazada «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni», «Älemgoşar» seýilgähi dynç alyş we medeni merkezleri hem-de dürli attraksionlary bolan «Awaza» akwaparky degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilip, iň gelim-gidimli ýerlere öwrüldi. Ýakyn wagtda, 12-nji awgustda bu ýerde birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa dürli ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri, halkara guramalaryň we onlarça döwletleriň ykdysady ulgam boýunça iş alyp barýan iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär