MEDENIÝET

“Awataryň” dowamy 16-njy dekabrda görkezilýär

Kino dünýäsiniň taryhynda möhüm orun eýelän “Awatar” filminiň dowamy bolan “Awatar: Suwuň ýoly bilen” atly çeper film 16-njy dekabrda görkezilýär. Kino muşdaklaryny has-da gyzyklandyrmak maksady bilen filmiň täze böleklerinden bir parça görkezildi.

Bu film ýene-de “Oskar” baýragynyň eýesi režissýor Jeýms Kameron tarapyndan surata düşürildi. Kameron 12 ýyldan soňra täze “Awatar” filmi bilen kino muşdaklaryna ýene-de bir gyzykly syýahata çykarýar.

Bu film Sem Uortington, Zoýa Saldanýa, Sigurni Uiwer, Stiwen Leng we Keýt Uinslet ýaly gahrymanlar bilen bilelikde taýýarlandy.

Related posts

Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebi gurlar

Aşgabatda Annaguly Myratdurdyýewiň konserti geçiriler

Gadymy Aspendos Amfiteatrynda halkara opera we balet festiwalyna badalga berildi

Leave a Comment