JEMGYÝET

Atavatan Tv You Tube kanaly täze sahypasynda Size garaşýar

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wideo habarlaryny we gepleşiklerini tomaşaçylara ýetirmek üçin ýörite platform bolan Atavatan Tv You Tube kanaly täze sahypasynda hyzmat berip başlady. Mälim bolşy ýaly jemi 5 milliona golaý tomaşa edilen we 23.6 müň agzaly hasabymyz -Atavatan Tv You Tube kanalynyň hacklenmegi netijesinde ol  kanal başgalarynyň ygytyýaryna geçdi.  Kanalyň betnebisli toparlar tarapyndan  hacklenenden soňra biz You Tube merkezine ýüz tutdyk we ol kanalyň ýapylmagyny gazandyk.

Şol sebäpli täze kanaly SIze ýetirýäris. Kanalymyza agza bolmak üçin şu ýere basyp agza bolup bilersiňiz.  Kanalymyzy has aňsat tapmak üçin You Tube hasabyna girip “Atawatan TW” ýa-da   “Atavatan Tv” ýazmagyňyz ýeterlik.

Biz ähli gepleşiklerimizi Kanalymyza täzeden ýükläp başladyk. Şol sebäpli Kanalymyza agza bolmagy unutmaň we ähli wideolarymyzyň has köp tomaşaça ýetmegi üçin laýk goýup, teswir ýazyp, dostlaryňyz bilen paýlaşyp bilersiňiz.

Bellemeli zat, biziň şu wagta çenli tomaşaçylarymyza ýetiren ähli wideolarymyzy www.atavatantv.com saýtyna girip tomaşa edip bilersiňiz. Siz şeýle hem Atavatan Tv Applikasiýasyny şu ýere basyň ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

“Ferrari” özüniň ilkinji elektrikli ulagyny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalygy kabul etdi

Ata Watan Eserleri