JEMGYÝET

Astrahan oblastynyň gubernatoryndan hoşallyk

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň!

Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýunça aýratyn töwekgelçilik toparyndan bolan adamlara goldaw berýän edaralara, şeýle hem koronawirus ýokanjy bilen göreşýän sebitimiziň durmuş we lukmançylyk edaralaryna ugradylar.

Astrahan oblastyna ýokary hilli türkmen harytlaryny muzdsuz ibermek barada gelen kararyňyz biziň ýakyn dostlukly gatnaşyklarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistan dünýä giňişliginde biz üçin möhüm strategik hyzmatdaş bolup, biz onuň bilen gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys hem-de geljekde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris.

Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda dowam etjekdigine umyt edýärin.

I.Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar