BIZNES

Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

Şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy