JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmen-Owgan Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derwaýyslygyna aýratyn üns çekdiler.

Şeýle-de dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagadaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň halkara platformalarynyň çägindäki, aýratyn-da abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça özara hyzmatdaşlyklarynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Taraplar şeýle-de Türkmenistanyň we OYR-nyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyna hem seredip geçdiler. Bu ugurda taraplar ulag, gurluşyk we energetika ulgamlarynda, hususan-da TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik toguny geçirijisi boýunça öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna hem üns çekdiler.

Related posts

Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna täze ýolbaşçy bellenildi