DÜNÝÄ

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Togan Oral bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy geçirildi. Ilki bilen Hormatly Ilçi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyny möhüm we jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda bellenip geçilýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek, yzygiderli ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejelere çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň  6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň guramaçylyk işleri barada söhbet edildi.

Related posts

Türkmen Lider’den Putin’e tebrik mesajı

vepa

Azerbaýjan Daşary işler ministri bilen söhbetdeşlik

vepa

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanda geçiriler