MEDENIÝET

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

2025-nji 24-26-njy ýanwary aralygynda “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur hindi filmleriniň görkezilişi bolar. Bu barada Hindistanyň ilçihanasy habar berýär.

Bu döwürde paýtagtymyzyň kinoteatrynda Bolliwudyň meşhur režissýory, aktýory Raj Kapuryň “Sergezdan”  hem-de rowaýata öwrülen “Jenap 420” atly çeper filmleri bilen bir hatarda “Ingliş-wingliş”, “83” hem-de “Meniň adym Joker” atly filmler tomaşaçylara görkeziler.

Çeper filmler günüň dowamynda 2 gezek, ýagny sagat 11:00-da ýa-da 13:00-da we agşam 19:00-da görkeziler.

Giriş tölegsizdir.

 

Related posts

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada ýörite sylaga mynasyp boldy

Türkmenistan Astrahandaky halkara festiwala gatnaşar

Modern Sahnanyň Arhaik Öwüşgüni: Rejissýor Öwlýaguly Hojaguly

Ata Watan Eserleri