SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berilýän maglumata görä, şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Bu uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 17-nji martda sagat 09:00-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň edaralarynda satylýar. 
* Aşgabat ş. Oguzhan şaýoly 211 (+99312 39-17-01)
* Mary ş, Magtymguly köç 11 (8 005 22 3-27-77)
* Türkmenabat ş, Magtymguly köç 80 (+993 422 3-92-10)
* Daşoguz ş, Ruhnama köç 100 (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20)
* Türkmenbaşy ş. Azadi köç 2 (+993 243 5-00-52)
Eger Siziň Russiýa Federasiýasyndaky soňky ugruňyz Moskwa şäher bolmadyk halatynda, “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan tranzit awiapeteklerini satyn alyp bilersiňiz. (A.Nyýazow şaýoly 174, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawlar 9-njy martda hem-de 14-nji martda ýerine ýetirilipdi.
Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyryp, 14-nji martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça meýilleşdirildi.
Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler