SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary togtadyldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar togtadylýandygyny habar berýär. Indi Russiýa uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriler.

— Hormatly ýolagçylar, 01.08.2023-den başlap, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Moskwa howa giňişligindäki howa ýagdaýy, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän ähli uçuşlary togtadylýar we Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylýandygy barada Size habar berýäris! — diýlip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Related posts

Aşgabat-Stambul ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiye-Türkmenistan uçuşlar başlıyor mu?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Alymlar koronawirusyň iň gadymy ata-babalaryny anykladylar

Leave a Comment