BIZNES

Aşgabat bilen Pariž söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýeti Fransiýanyň kompaniýalary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Aşgabat bilen Parižiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna seredildi.

Hususan-da, fransuz maýa goýumlarynyň hasabyna Türkmenistanyň çäginde dokma, gaýtadan işleýän we obasenagat pudagyna degişli bilelikdäki kärhanalary döretmek meselesine seredildi. Şunuň bilen baglylyk,da türkmen ilçisi fransuz işewürler toparyna Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Fransiýanyň işewür düzümlerine Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy, ulag-logistika ulgamynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada maglumat berlip, munuň Pariž bilen Aşgabadyň Aziýa-Ýuwaş ummany döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulanylyp boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek baradaky halkara forumyň ähmiýetini bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar