MEDENIÝET

«Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal barada dokumental film taýýarlanylýar

Şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal barada dokumental filmiň üstünde işlenilmegi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Filmde dürli ýurtlardan myhmanlary çagyrmakdan başlap, ýapylyş dabarasy bilen tamamlanýan festiwalyň taýýarlanylyşynyň we geçirilişiniň ähli tapgyrlary barada gürrüň berler.

Filmiň režissýory Annadurdy Täşliýew dokumental filmde meşhur myhmanlar bilen söhbetdeşlikleriň, açylyş dabarasynyň wideoýazgylarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda bilim alýan talyp ýaşlar bilen geçirilen ussatlyk sapaklarynyň boljakdygyny belleýär.

«Film diňe bir kinofestiwalyň özüne däl, eýsem, Türkmenistanyň medeniýetine we taryhyna-da bagyşlanýar. Filmde Merw we Nusaý ýaly gadymy şäherler, şeýle hem adaty türkmen senetçiligi we baý milli aşhanasy görkeziler» diýip, Annadurdy Täşliýew aýtdy.

Režissýoryň aýtmagyna görä, dokumentdal filmiň ýakyn wagtda ýaýlyma çykmagyna garaşylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, festiwalyň açylyş dabarasy Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Onda Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag we fransuz aktýory Eduard Montut ýaly tanymal sungat işgärleri teatryň öňünde gyzyl halydan geçdiler.

Halkara kinofestiwalda birinji orny türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň «Kagyza ýazylan ykbal» filmi mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy