JEMGYÝET

 “Arkadag” topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň özeni bolan hem-de ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir «Arkadag» kluby futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde ilkinji gezek ýeňiji boldy. Bu barada “jankoyer.com.tm” internet neşiri habar berýär.

Şu gün – 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy geçirildi. Onda täze şäheriň adybir futbol topary «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahaly» bilen güýç synanyşdy.

30-nji gezek geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok ýaryşynyň final oýnunda Wladimir Baýramowyň topary «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň “Ahal” toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçdi.

Oýnuň eýýäm birinji minutynda goragçy Abdy Bäşimow topy garşydaşynyň derwezesine gol (29′) geçirip hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymynda bolsa goragçy ýene gol (52′) geçirmegi başardy. “Arkadagyň” ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin (68′) üçünji goly geçirdi.

Şeýlelikde, «Arkadag» futbol klubynyň baş tälimçisi tejribeli hünärmen Wladimir Baýramow futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde ilkinji gezek ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:

24.12.2023ý. (ýekşenbe)

“Ahal” – “Arkadag” – 0:3

[0:1] – 29′ Abdy Bäşimow

[0:2] – 52′ Abdy Bäşimow

[0:3] – 68′ Ilýa Tamurkin

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda “Arkadag” topary şol bir wagtda Türkmenistanyň çempionatynda hem ýeňiji boldy.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar