SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Arkadag şäherinde süýtli çaga şülesiniň önümçiligine girişildi

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

Häzirki wagtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligine badalga berildi. Has takygy, tüwüli, tüwüli we bananly şüle, manny ýarmasy we ary bally şüle, däneli ösümlikleriň şülesi ýaly görnüşlerini taýýarlamak işi doly ýola goýlup, olar ýurdumyzyň degişli edaralary, ak bazarlary, söwda merkezleri arkaly satuwa çykarylýar. Bu önümleriň düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýar.

Önümler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hil menejment ulgamynyň TDS ISO 9001 talaplaryna laýyk gelýän barlaghanalarynda degişli barlaglardan geçirilip, köpçülik üçin satuwa goýberilýär.

Geljekde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýat, etrap saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerini bu çaga iýmitleriniň kesgitli bölegi bilen üpjün etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň islegleri doly kanagatlandyrylandan soňra, olary daşary ýurtlara eksport etmek hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy