BIZNES

“Amazondan” 2 milliard dollarlyk maýa goýum

ABŞ-da ýerleşýän söwda ägirdi “Amazon” Hindistanda hyzmat edýän we 411 million abonenti bolan “Bharti Airtel” atly global telekommunikasiýa hyzmatlar kompaniýasyna 2 milliard amerikan dollarlyk maýa goýum üçin gepleşiklere başlady.

Şol hasabata görä, “Amazon” 2 milliard amerikan dollarlyk kompaniýanyň paýnamalarynyň 5 göterimine eýeçilik eder. Şeýle-de bolsa, kompaniýa ýakyn çeşmelere görä, henizem birinji etapda durýan şertnamanyň göwrümi dürli bolup biler.

Häzirki maglumatlara görä, “Bharti Airtel” ýurtda üçünji uly global telekommunikasiýa hyzmatlar kompaniýasydyr. Kompaniýanyň abonentleriniň sany 411 milliona barabardyr.

Related posts

Türkmenistanyň gatnaşmagynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi maslahatlaşyldy

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde gämi gurar