JEMGYÝET

<><> kabul etdi

17-nji aprelde Täjigistanyň «Istiklol» futbol topary bilen Türkmenistanyň «Altyn Asyr» topary duşuşdy. AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäklerinde geçen duşuşyk paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda ýaýbaňlandyryldy. Iki toparyň arasyndaky birinji duşuşygyň Täjigistanda 1:1 hasapda tamamlanandygynam ýatladýarys.

Jogap duşuşygynda myhmanlar turuwbaşdan hüjüme geçdiler. Ýöne ildeşlerimiz soňlugy bilen oýnuň jylawyny ele aldylar. Has-da Altymyrat Annadurdyýew «Istiklolyň» derwezesine garşy howply hüjümleriň birnäçesini geçirdi. Yzygiderli geçirilen hüjümlerden soň toparlaryň ikisi hem gorag futboluna üns berdiler. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady.

Oýnuň ikinji ýarymy «Altyn asyryň» hüjümi bilen başlandy. Topar «Istiklolyň»  derwezesiniň öňünde birnäçe amatly pursady elden giderdiler. Soňlugy bilen täjigistanly oýunçylar öz hüjümlerini ýygjamlatdylar. Bu  bolsa oýnuň 79-njy minudynda öz netijesini berdi. «Istiklolyň»  14-nji belgili oýunçysy Selim Nurmyradow hasaby açmagy başardy. Ýöne «Altyn asyryň»  oýunçylary jogap goly gijikdirmediler. Birinji goldan bary-ýogy 1 minutdan soň ildeşimiz 10-njy belgili Selim Nurmyradow  hasaby deňledi. Şondan soň oýun hasam ýokary depgine eýe boldy. Iki toparyň hem birnäçe amatly pursatlary elden giderendiklerini bellemelidiris.

Şeýlelikde, oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

 

Related posts

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Kompýuteriň kwant ýady

vepa

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy

Ata Watan Eserleri